“Çikago Bullz” toparynyň meşhur eks-goragçysy Maýkl Jordanyň alty krossowkasyndan ybarat kolleksiýa auksionda 8 mln dollardan gowrak mukdara satyldy. Bu barada ESPN ýaýlymyna salgylanyp, championat.com habar berýär. Satylan toplum Air Jordan VI (1991), Air Jordan VII (1992), Air Jordan VIII (1993), Air Jordan XI (1996), Air Jordan XII (1997) we Air Jordan XIV (1998) krossowkalaryndan ybarat. Bu krossowkalarda Maýkl Jordan MBA-nyň alty finalynda ýeňiş gazanyp, MVP adyny aldy. Olaryň käbirinde basketbolçynyň goly hem bar. Habar berlişi ýaly, lotuň ahyrky bahasy 8 032 800 dollar boldy – bu öň sport ýaryşlarynda geýlen krossowkalary satmak boýunça dünýä rekordydyr. Maýkl Jordan 1984-nji ýyldan 2003-nji ýyl aralygynda Milli basketbol assosiasiýasynda (MBA) çykyş etdi. Ol karýerasynyň dowamynda alty gezek MBA-nyň çempionlygyny utdy we şonça gezek MBA-nyň finalynyň MVP adyny aldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir