Afrika milletleriniň kubogynyň 1/8 finalynyň dördünji oýun güni tamamlandy. Onuň jemi boýunça ýaryşyň dörtden bir finalyna gatnaşjak ähli jübütler belli boldy. Afrikanyň kubogy. 1/4 final. Nigeriýa – Angola; Kabo-Werde – GAR; Mali – Kot-d’Iwuar; Kongo DR – Gwineýa. Ýatlap geçsek, Afrika milletleriniň kubogy soňky gezek 2022-nji ýylda geçirildi. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi Senegalyň milli ýygyndysydyr, topar final oýnunda Müsüriň milli toparyny penalti tapgyrynda utdy – 0:0 (pen. 4:2). 2024-nji ýylda Afrikanyň kubogy 13-nji ýanwardan 11-nji fewral aralygynda Kot-d’Iwuarda geçirilýär. Ýaryşyň oýunlary bäş şäherdäki (Abijan, Buake, Korogo, San-Pedro, Ýamusukro) alty stadionda geçýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir