Şu gün Ulan-Batorda (Mongoliýanyň paýtagty) FIFA-nyň Bütindünýä futbol muzeýiniň taryhy eksponatlarynyň sergisi geçirilýär. Bu barada Anadolu gullugy habar berdi. Futbol janköýerleriniň hemmesi çärä mugt gatnaşyp bilerler. Çäräni “Niýslel LITE” APU FC Ulaanbaatar futbol kluby bilen bilelikde “Şangri-La” myhmanhanasynda gurady. Eksponatlaryň arasynda ilkinji dünýä çempionatynyň altyn kubogy, Braziliýanyň meşhur futbolçysy, iki gezek dünýä çempiony Ronaldonyň “Altyn topy”, Argentinanyň meşhur futbolçysy Maradonanyň dünýä çempionatynda gazanan altyn medaly, şeýle hem Peläniň goly çekilen futbolka we başgalar bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir