Delawer amerikan ştatynyň kazyýeti Ilon Maskyň Tesla-nyň baş müdiri hökmünde öz işi üçin 55,8 mlrd dollar möçberde kompensasiýa almak hukugyny ýatyrdy. Şonuň netijesinde kompaniýanyň paýnamalary söwda ýapylandan soň 3% pese gaçdy. Bu barada BBC salgylanyp, “Ekonomiçeskaýa prawda” habar berýär. Şikaýat arzasy Tesla-nyň paýdarlarynyň biri Riçard Tornetta tarapyndan berildi. Onuň pikiriçe, Maska artyk tölenilýär. Kazyýet kompensasiýany “akyla sygmajak mukdar” diýip atlandyrdy we bu paýdarlar üçin hem adalatsyz hasaplanýar. Bu töleg bukjasy kompaniýanyň taryhynda iň uly mukdar bolup, ol telekeçini dünýädäki iň baý adamlaryň birine öwürmäge kömek etdi. Paýlar görnüşindäki degişli kompensasiýa bukjasy oňa 2018-nji ýylda bellenildi. Ylalaşyga görä, eger kompaniýanyň maliýe görkezijileri bellenilen maksada ýeten bolsa, Mask 12 tranşda Tesla paýnamalaryny alyp bilýärdi. Bazarda paýnamalaryň häzirki bahalar bilen satylmagy bolsa Maska uly mukdarda pul gazanmaga mümkinçilik berýär. Kazyýet muny adalatsyz hasaplaýar. Şikaýatçynyň pikirine görä, müdirler geňeşi şeýle möçberde kompensasiýa bellemek bilen, Maska eglişik etdi. Bu wakalardan soň, Mask X sosial ulgamynda: “Hiç haçan Delawer ştatynda öz kompaniýaňyzy hasaba aldyrmaň” diýip ýazdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir