Hindistanyň jemi içerki önümi 2027-nji ýyla çenli nominal hasabynda 5 trillion dollar bolar. Bu görkezijä görä, ýurt Ýaponiýadan we Germaniýadan ozduryp, dünýäde üçünji orny eýelär diýip, Hindistanyň Maliýe ministrliginiň çaklamalaryna salgylanýan ntv.ru habar berýär. Häzirki wagtda Hindistan 3,7 trillion dollara ýetýän jemi içerki önümi bilen dünýäde bäşinji orunda durýar. Ýurt ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan we Germaniýadan soň bäşinji ýerde durýar. Şol bir wagtyň özünde, Goldman Sachs-yň seljerijileriniň tassyklamagyna görä, uzak geljekde, takmynan 2075-nji ýyla çenli Hindistan ABŞ-dan öňe geçip, Hytaýdan soň ikinji ýeri eýeläp biler. Maliýe ministrliginiň hasabatynda 1-nji aprelde başlaýan 2024-nji maliýe ýylynda hindi ykdysadyýetiniň azyndan 7% ösjekdigi aýdylýar. "Sarp edijileriň çykdajylaryny we maýa goýumlary öz içine alýan güýçli içerki isleg hökümetiň soňky on ýylda amala aşyran özgertmeleriniň we beýleki çäreleriniň netijesidir".

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir