«Apple» kompaniýasy resmi «YouTube» kanalynda tutuşlygyna «iPhone 15 Pro Max-da» surata düşürilen gysga metražly çeper filmi paýlaşdy. Film «Kiçijik sarymsak» diýlip atlandyrylýar. Onda daşky keşbinden nägile we bu sebäpli gamlanýan, ýöne ulaldygyça özüne bolan şübhesini ýeňip geçýän hytaýly ýetginjek gyz barada gürrüň berilýär. Filmde sosial ulgamlar, gyzyň kakasy we onuň tötänleýin ýüzüni üýtgetmek ýaly jadyly ukyba eýe bolmagy barada beýan edilýär. «Kiçijik sarymsak» bary-ýogy 15 minut dowam edýär. Filmi Golliwudyň režissýory Mark Uebb surata düşürdi, onda baş keşbi hytaýly kino ýyldyzy Fan Weý ýerine ýetirdi. Ssenariniň döredilmegine meşhur hytaý ýazyjysy Pan Iran gatnaşdy. «Aždarha ýylyna daşky keşbini üýtgetmekde aýratyn ukyby bolan ýaş gyz hakyndaky hekaýa tomaşa etmek bilen başlaň. «Apple» kompaniýasy režissýor Mark Uebb bilen bilelikde size häzirki zaman dünýäsinde durmuşdaky ornuňy gözlemek hakynda ajaýyp we gussaly hekaýany hödürleýär» diýlip, wideonyň düşündirişinde ýazylýar. «Apple-iň» «YouTube» kanalyndaky filme 24 sagadyň dowamynda 238 müň gezek tomaşa edildi we 12 müňden gowrak "halandym" aldy. Wideo barada teswir ýazmak mümkinçiligi ýapykdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir