Mahaçkalanyň “Dinamosy” öz resmi saýtynda türkmenistanly baş tälimçi Gurban Berdiýewiň işden gidendigini habar berdi. Hünärmen wezipesini öz islegi boýunça terk etdi diýip, klubuň saýtynda habar berilýär. “Bu çözgüt islendik tarapa hyzmatdaşlygy birtaraplaýyn tertipde tamamlamaga mümkinçilik berýän punkty öz içine alýan şertnama laýyk gelýär. “Dinamo” futbol kluby Gurban Bekiýewiçiň islegine hormat goýýar we bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirýär” – diýip, klubuň metbugat gullugy ýazýar. Bellenilişi ýaly, Gurban Berdiýew täze baş tälimçi bellenilýänçä, topary 2023/2024-möwsüminiň ýazky tapgyryna taýýarlamagy dowam etdirer. Mahaçkalanyň “Dinamosy” Berdiýewiň ýolbaşçylygynda 2023/2024-möwsüminiň Birinji ligasynyň ýaryş jedwelinde 20 oýunda 37 utuk gazanyp, birinji orny eýeleýär. Sport24 neşiriniň habar bermegine görä, 71 ýaşly Gurban Berdiýew karýerasyny Azerbaýjanyň milli ýygyndysyna baş tälimçilik edip dowam edip biler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir