Er-Riýadyň (Saud Arabystany) "Kingdom Arena" stadionynda geçirilen ýoldaşlyk oýnunda "Al-Nasr" "Inter Maýamini" 6:0 hasabynda utdy. Futbol janköýerleri Ronaldu bilen Messiniň arasyndaky köpden bäri garaşylýan gapma-garşylygy görüp bilmediler. Portugaliýaly hüjümçi myşsa şikesi sebäpli "Al-Nasryň" oýunçylar sanawyna-da girmedi. Klub 38 ýaşly futbolçynyň saglygy bilen töwekgelçilik etmezlik kararyna geldi. Messi duşuşygyň köp bölegini ätiýaçdaky oýunçylaryň oturgyjynda oturyp geçirdi we meýdança diňe oýnuň 83-nji minutynda, eýýäm ähli gollar geçirilenden soň çykdy. Oýundan öň argentinalynyň myşsa agyrysyny başdan geçirýändigi belli boldy. "Al-Nasr" MLS klubunyň derwezesine üç goly 12-nji minuta çenli geçirdi. Üçünji goly goragçy Emerik Laport meýdançanyň ortasyndan girizdi. Oýnuň ikinji ýarymynda Saud Arabystanyndan klub ýene üç gol geçirdi. Ýarym goragçy Taliska 10-njy, 51-nji (penaltiden) we 73-nji minutlarda gol girizip, het-trik etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir