Awstraliýanyň we Täjigistanyň milli ýygyndy toparlary şu günlerde Katarda dowam edýän Aziýa Kubogynyň çärýek finalyna çykdy. 1/8 final oýnunda awstraliýalylar Indoneziýany 4:0 hasabynda ýeňdi. Pleý-off-yň indiki tapgyrynda olar Saud Arabystany - Günorta Koreýa jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar. Täjigistanyň milli ýygyndysy BAE-den gelen futbolçylary ýeňdi. Duşuşygyň esasy wagty deňlikde tamamlandy - 1:1. Bu gapma-garşylygyň netijesi, Täjigistanyň milli toparynyň derwezebany tarapyndan urlan jerime urgusyndan soň, 5:3 hasabynda tamamlandy. Täjigistan bu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýar. Ol toparlaýyn tapgyrda Katar, Hytaý we Liwan bilen toparçada ikinji ýeri eýeledi. Çärýek finalda Täjigistanyň ýygyndy topary Yrak-Iordaniýa jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir