Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2-12-nji fewral aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Zenanlaryň Futbol çempionatyna gatnaşar. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär. CAFA-nyň metbugat gullugynyň habaryna görä, kubok ugrunda Gyrgyz Respublikasynyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli ýygyndy toparlary bäsleşer. Ýaryşyň ýeňijisi gazanylan iň köp utuklary boýunça kesgitlener. Bu CAFA-nyň Zenanlaryň futzal çempionatynyň taryhdaky üçünji çempionaty bolar. Onuň birinjisi 2022-nji ýylda Duşenbe şäherinde, ikinjisi 2023-nji ýylda Daşkentde geçirildi. Eýranyň futzalçylary iki ýaryşda-da ýeňiş gazandylar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir