Türkmenistandan FIFA-nyň üç emini Daşkentde Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) eminlik maslahatyna gatnaşyp, hünär başarnygyny ýokarlandyrdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. CAFA-nyň metbugat gullugynyň habaryna görä, maslahatyň dowamynda Owganystandan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan eminler FIFA-nyň 2024-nji ýyldaky futbol ýaryşlaryna girizen üýtgeşmeleri bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, forum türkmen eminlerine beýleki ýurtlardan kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga we halkara oýunlaryna eminlik etmek üçin gymmatly teklipleri almaga mümkinçilik berdi. Maslahata Türkmenistandan FIFA futbol eminleri Resul Mämmedow, Arslan Goşşanow we Çarymyrat Gurbanow dagy gatnaşdylar. Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasy Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) bölümidir. Ol 2014-nji ýylyň 10-njy iýunynda esaslandyryldy we resmi taýdan 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda işläp başlady. Häzirki wagtda CAFA-nyň hatarynda Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol federasiýalary bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir