Iordaniýanyň milli ýygyndysy 2023-nji ýylyň futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň 1/8 finalynda Yragyň toparyna garşy oýunda ýeňiş gazandy. Duşuşyk Kataryň Doha şäherindäki “Halifa Interneýşnl” stadionynda geçdi we 3:2 hasabynda tamamlandy. Oýnuň esasy wagtyna goşulan ýedi minutdan dördünji minutda iordaniýalylar 2:1 hasabynda utulýardy, ýöne soňky sekuntlarda ýeňiş gazanyp bildiler. Iordaniýanyň milli toparynyň düzüminde Ý.Al-Naýmat, Ý.Alarab gol geçirdi. Ýeňiş goluny tora N.Al-Raşdan girizdi. Yrak toparyndan gollary öz hasaplaryna Saad Natik Naji we Aýmen Husseýn ýazdy. Oýnuň 77-nji minutynda Husseýn öz goluny bellän wagty ikinji sary duýduryşy aldy, şonuň üçin yraklylar oýny az düzüm bilen tamamladylar. Şeýlelik bilen, Iordaniýa ýaryşyň 1/4 finalyna çykdy we indi Täjigistanyň milli topary bilen oýnar. Beýleki bir oýunda Kataryň milli ýygyndysy Palestinanyň toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk Katardaky “El-Baýt” stadionynda geçirildi we 2:1 hasabynda tamamlandy. Palestinalylar oýnuň birinji ýarymynda hasaby açdylar, Odaý Dabag gol geçirdi. Katarlylar arakesmäniň öňüsyrasy hasaby deňlediler (Al-Haýdos gol girizdi). Oýnuň ikinji ýarymy başlandan dört minutdan soň Akram Afif penaltini ýerine ýetirip, öz toparyna ýeňiş getirdi. Indiki tapgyrda ýaryşyň hojaýynlary Özbegistan – Tailand duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir