Penşenbe güni, 1-nji fewralda Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" futbol kluby Er-Riýadyň möwsümleýin kubogynyň ýoldaşlyk oýnunda "Inter Maýami" amerikan kluby bilen oýnar. Oýun Er-Riýaddaky "Kingdom Arena" stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlar. Oýna argentinaly hüjümçi Lionel Messi bilen portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň gatnaşmagyna garaşylýar. Mundan öň, 29-njy ýanwarda bu ýaryşyň çäklerinde "Inter Maýami" saud kluby "Al-Hilýal" bilen oýnady. Er-Riýadyň "Kingdom Arena" stadionynda geçirilen oýun saudlylaryň peýdasyna 4:3 hasabynda tamamlandy. Messi "Inter Maýamide" 2023-nji ýylyň iýun aýyndan bäri çykyş edýär, amerikan kluby bilen şertnama 2025-nji ýyla çenli hereket edýär. Ronaldu "Al-Nasr" klubuna geçen ýylyň ýanwar aýynda geçdi, onuň bu topar bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli niýetlenýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir