Ukrainanyň Harkow politehniki institutynda bilim alýan türkmen talyby Babageldi Halimow 90 kilogram agram derejesinde jiu-jitsu boýunça boýunça Harkow oblastynyň çempiony boldy. Bu barada ORIENT Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär. Oblast çempionaty Ukrainanyň Milli Jiu-Jitsu söweş federasiýasy tarapyndan guraldy. Çempionat 19-40 ýaş aralygyndaky toparlary öz içine aldy. Bäsleşik oblastyň dolandyryş merkezi bolan Harkow şäheriniň sport toplumynda geçirildi. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary, dürli ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny görkezip bilim edaralarynyň sport we ylmy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir