14-nji martda Türkmenistanyň we Gazagystanyň futbol bioýunça milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Bu barada HHM Gazagystanyň futbol federasiýasynyň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Iki toparyň tälimçileri ýetip gelýän duşuşygy saýlama oýunlaryna taýýarlygyň tapgyrlarynyň biri hasaplaýarlar. Türkmen futbolçylary 21-nji martda Tähranda we 26-njy martda Aşgabatda geçiriljek Eýranyň milli ýygyndysy bilen 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna taýýarlanýar. Gazak topary bolsa 21-nji martda Afinyda geçiriljek Gresiýanyň milli ýygyndysy bilen 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň pleý-off tapgyryna taýýarlanýar. FIFA-nyň reýtingine görä Türkmenistan 141-nji, Gazagystan bolsa 100-nji ýerde ýerleşýär. Toparlar eýýäm 3 gezek duşuşdy. Iki oýun deň hasap bilen tamamlandy we bir ýeňşi Gazagystanyň topary gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir