Argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň geçen tomus “Inter Maýami” amerikan klubuna geçmegi klubuň, şeýle-de tutuş MLS-iň maliýe ýagdaýyna oňyn täsir etdi. Bu barada championat.com habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, soňky ýylda “Inter Maýaminiň” bellenilen bahasy 74% ýokarlandy we häzir 1,2 mlrd dollara barabar. Şeýle-de, amerikan klubunyň girdejileri hem ýokarlandy. Geçen ýyl “Inter Maýami” 127 mln dollar gazandy, 2022-nji ýylda bolsa klubuň girdejisi 55 mln dollar bolupdy. Bellenilişi ýaly, geçen ýyl MLS klublarynyň girdejileri 27% ýokarlandy. Ýatlap geçsek, Messi “Inter Maýami” üçin ähli ýaryşlarda 14 oýna gatnaşyp, 11 gol we bäş netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Oýunçynyň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynda hödürlenen maglumatlara görä, futbolçynyň bazar bahasy 35 mln ýewro barabar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir