99 ýaşly kanadaly suwda ýüzüji Betti Brýussel öz ýaş toparynda (100-104 ýaş) üç dünýä rekordyny täzeledi. Rekord Kanadanyň Saaniç şäherinde geçirilen ýaryşda goýuldy. Ol 400 metr aralygy erkin usul bilen öňki rekord eýesinden tas dört minut çalt ýüzüp geçdi. Bu barada “The Guardian” neşirine salgylanyp, championat.com habar berýär. Şeýle-de, Brýussel 50 metr aralyga arkanlygyna we brass usuly bilen ýüzmek dissiplinalarynda iň gowy wagty görkezdi. Ýaryş tamamlanandan soň, ol sportuň bu görnüşinden lezzet alýandygyny, ýaryşlara gatnaşmagyň bolsa özüni begendirýändigini aýtdy. Brýussel öz ýaşyna garamazdan hepdede iki gezek basseýnde türgenleşik geçýär. Ol ýönekeýleşdirilen tertipde we tälimçisiz meşgullanýar. Onuň köp sanly muşdaklary bolup, olar bilen yzygiderli duşuşyklary geçirýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir