Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino janköýerleri jynsparazlyk görkezen toparlara tehniki ýeňliş bermäge çagyrdy. Bu barada guramanyň «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda (öňki Twitter) habar berilýär. «Janköýerleri jynsparazlyk görkezen we özüni alyp barşy oýnuň kesilmegine ýa-da togtadylmagyna sebäp bolan topara gönüden-göni tehniki ýeňiliş bermek pikirini durmuşa geçirmeli» diýip, Infantino belledi. FIFA-nyň başlygy jynsparazlyk sebäpli jenaýat jogapkärçiligine çekilmelidigini we şeýle janköýerleriň stadionlara girmegini gadagan etmegiň zerurdygyny aýtdy. FIFA-nyň başlygy jynsparazlykdan ejir çeken futbolçylary goldaýandygyny aýtdy we oýunlardaky wakalary «düýbünden ýaramaz we ýol berilmesiz» diýip atlandyrdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir