Günorta Afrikanyň garyşyk söweş sungatynyň (MMA) söweşijisi Drikus dýu Plessi Absolýut söweşijiler çempionatynyň (UFC) orta agram derejedäki çempiony adyny almak ugrundaky göreşde amerikaly Şon Striklendi ýeňdi. UFC 297 ýaryşy Torontoda geçirildi diýip, TASS habar berýär. Dýu Plessi eminleriň bölünen karary bilen garşydaşyny ýeňdi we UFC-niň çempionlygyny alan ilkinji günorta afrikaly boldy. Striklend 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda gazanan çempionlyk adyny ilkinji gezek gorap, täze zelandiýaly Israel Adesanýany eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi. Striklend 32 ýaşynda, indi MMA-da onuň 28 ýeňşi we 6 ýeňlişi bar. 30 ýaşly Dýu Plessiniň hasabynda bolsa 21 ýeňiş we 2 ýeňliş bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir