“Mançester Siti” bilen Puma kompaniýasy ýaşyl agaç Aždarhasynyň ýylyna bagyşlanan täze çäkli futbol geýimini hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär. Klubuň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, geýimi döredijiler we öndürijiler toparyň “Etihad” stadionynyň taryhyndan hem-de hytaý medeniýetinden ruhlandylar. Bu geýimi ilkinji gezek “Mançester Sitiniň” zenanlar topary Kontinental kubogyň “Mançester Ýunaýted” bilen oýnunda geýer. Hosep Gwardiolanyň topary häzirki möwsümde Angliýanyň Premýer-ligasynyň 20 tapgyryndan soň ýaryş jedwelinde ikinji orunda barýar, ol öňdebaryjy “Liwerpuldan” iki utuk yza galýar. “Mançester Siti” Premýer-liganyň çäklerindäki indiki oýnuny 31-nji ýanwarda geçirer. Şol gün öz meýdançasynda “Býornlini” kabul eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir