Şu ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdiriler. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow 19-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Wise-premýer şeýle hem ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň 2024-nji ýyl üçin taýýarlanan iş meýilnamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna we döwrüň talaplaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Meýilnamalara laýyklykda, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw kitaplaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler. Bedenterbiýäni, sporty we olimpia hereketini ösdürmäge, ussat türgenleri taýýarlamaga, ýaşlarymyzyň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmaga mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet berler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir