Daşkendiň “Pahtakor” futbol kluby satuwa çykaryldy. Bu barada Özbegistanyň Döwlet emläklerini dolandyryş agentligine salgylanyp, championat.com habar berýär. Belläp geçsek, häzirki wagtda klubuň paýnamalarynyň 100%-i döwlete degişlidir. Kluby satyn almaga we ony ulanmaga bildirilýän talaplara, aýratynam, “Pahtakoryň” işini gorap saklamak we ösdürmek, topary halkara derejesine çykarmak, akademiýanyň işini gorap saklamak we ösdürmek, şeýle-de futbol klubunyň balansyndaky ähli sport desgalaryny, şol sanda futbol meýdançasyny diňe sport işi üçin ulanmak degişlidir. “Pahtakor” Özbegistanyň iň güýçli klublarynyň biridir. Topar 15 gezek ýurduň çempiony boldy, 13 gezek Kubok gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir