BMF titulynyň eýesi Jastin Getji bilen ýarym ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Maks Holloueý ýylyň iň uly söweşleriniň birinde duşuşar. Bu barada UFC-niň metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär. UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Getjiniň Holloueýe garşy söweşiniň 13-nji aprelde UFC 300 ýaryşynda geçiriljekdigini mälim etdi. Ýatlap geçsek, Getji iýul aýynda UFC 291-de geçiren soňky söweşinde watandaşy Dastin Porýeni nokauta gidirdi. Öň, ýeňil agram derejesinde UFC-niň çempiony russiýaly Islam Mahaçew sosial ulgamlarda 8-nji iýunda Saud Arabystanynda Jastin Getji bilen söweşmäge taýýardygyny aýdypdy. Mahaçew oktýabr aýynda UFC 294-de birinji raundda awstraliýaly Aleks Wolkanowskiden üstün çykdy. Holloueýiň garyşyk başa-baş söweşlerde professional rekordy 25–7. Getjiniň hasabynda 29 söweşde 25 ýeňiş bar. Getji ýeňiş gazanan ýagdaýynda BMF titulyny goran ilkinji söweşiji bolar. Şeýle-de, ol ýeňiş tapgyryny üç söweşe çenli uzaldar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir