Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) resmi web sahypasynda zenanlaryň futbolynda iň gowy gol üçin Braziliýanyň öňki hüjümçisi Martanyň adyny göterjek baýragyň döredilendigini yglan etdi. Duşenbe güni Londonda geçirilen «The Best FIFA Football Awards» dabarasynda öňki türgen karýerasyndaky görnükli üstünlikleri üçin FIFA-nyň ýörite baýragy bilen sylaglandy. Zenanlaryň futbolynda iň gowy gol üçin täze baýrak 2025-nji ýyldan gowşurylyp başlar. Marta dünýä çempionatynda geçirilen pökgüleriň sany boýunça rekordyň eýesidir. Bu rekorda erkekleriň futbolynda hem ýetilmedi. Ol alty çempionatda 17 pökgi geçirdi. Häzirki futbolçylaryň hatarynda onuň yzynda argentinaly Lionel Messi (13 gol) we fransuz Kilian Mbappe (12) ýerleşýär. «Elbetde, men bu rekordyň eýesi bolanyma örän şat. Ýöne bu Braziliýany Marta däl-de, millet hökmünde, biziň hemmämiz hökmünde görkezýär. Bu rekordy saklamak meniň üçin uly hormat» diýip, öňki futbolçy dabaranyň dowamynda belledi. Marta 37 ýaşynda. 2007-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi. Hüjümçi iki gezek Olimpiýa oýunlarynda (2004, 2008) kümüş medal gazandy. Braziliýaly futbolçy alty gezek (2006, 2007, 2008, 2009, 2010 we 2018) dünýäde ýylyň iň gowy zenan futbolçysy hökmünde saýlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir