Ýakynda türkmen-özbek bilermenler topary iki ýurduň ýük daşaýjylaryndan alynýan ýygymlar we tölegler meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilýär. Türkmenistan we Özbegistan halkara ýük daşalyşynda Türkmenistanda we Özbegistanda ýük daşaýanlardan alynýan ýygymlary we tölegleri amatlaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar. Taraplar, şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginden halkara ýük daşaýjylara wiza almak işini ýönekeýleşdirmek üçin hökümetara şertnamanyň taslamasyna gol çekilmegini çaltlaşdyrmak mümkinçiligine garadylar. Türkmen tarapy Özbegistanyň hut şol wagtyň özünde rugsatnamalaryň elektron görnüşinde alyş-çalşygyny üpjün edýän «E-permit» ulgamyna geçmek tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir