Las-Wegasda geçirilen CES 2024 sergisinde Hyundai kompaniýasy e-Corner ulgamynyň täze nesli bilen enjamlaşdyrylan Mobion awtoulagyny hödürledi. Bu tehnologiýa dört tigriň ählisine 90 gradusdan gowrak burçda özbaşdak öwrülmäge mümkinçilik berýär. Tehnologiýanyň iş ýüzünde ulanylmaga taýyn bolandygy we Hyundai Motor Group-a girýän ýene bir kompaniýa bolan Kia-nyň ilkinji bolup ulanjakdygy bellendi diýip, InsideEVs-e salgylanýan IXBT.com habar berýär. Häzirki görnüşindäki Mobion aslynda üýtgedilen Ioniq 5-dyr. Hyundai Mobis-iň ýolbaşçylary 2025-nji ýyla çenli e-Corner ulgamynyň işläp taýýarlanylyşyny tamamlamagy meýilleşdirýärler. Tehnologiýa taýýar bolansoň, ol awtoulag kompaniýalaryna satylyp başlanar diýip, kompaniýanyň öňdebaryjy taslamalaşdyryş bölüminiň başlygy Li Syn Hwan habar berdi. Kompaniýa häzir e-Corner-iň bahasyny arzanlatmagyň (her tigirdäki iki hereketlendiriji baha ýagdaýyny kynlaşdyrýar) we berklik ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmegiň üstünde işleýär. Eger hemme zat gowy bolsa, e-Corner-iň önümçiligine 2030-njy ýylda başlanyp bilner. Li Syn Hwanyň sözlerine görä, Kia e-Corner-iň ilkinji satyn alyjylardan biri bolup biler. Li-iň sözlerine görä, e-Corner-iň iň işjeň ulanyljak ýeri — geljekdäki robot awtoulaglary kimin täjirçilik ulag serişdeleri bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir