“Wonka” filminiň girdeji ýygymy 125 mln dollar býujet bilen 500 mln dollardan geçdi. Bu hem oňa Willi Wonka we onuň konditer hökmünde ösüşine bagyşlanan franşizada iň girdejili film bolmaga kömek etdi. Bu barada championat.com habar berýär. Baş keşpde Jonni Depp bilen “Çarli we şokolad fabrigi” kartinasynyň ýygymy 474 mln dollara barabar, şonuň üçin baş keşbi Timoti Şalameniň ýerine ýetirmegindäki “Wonka” dünýädäki girdeji ýygymy boýunça eýýäm bu filmden öňe geçdi. Tim Býortonyň lentasyna 2023-nji ýylyň filminiň yzyndan ýetmek başartmasa gerek. “Wonka” filmi “Çarli we şokolad fabrigi” lentasynda görkezilen sýužetden öň bolup geçen wakalar barada gürrüň berýär. Kartina ýaş konditer Willi Wonkanyň adamlary begendirmek we pul gazanmak üçin özüniň ilkinji dükanyny açmak synanyşygyna bagyşlanandyr. Filmiň režissýory bolup Pol King çykyş etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir