ABŞ-nyň Milli Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edarasy (NASA) ähli isleg bildirýänlere adyny Ýeriň tebigy hemrasyna ibermegi teklip edýär. Bu barada naked-science.ru habar berýär. Munuň üçin NASA-nyň saýtynda uly bolmadyk formany doldurmaly. Soňra gatnaşyjylaryň atlary inženerler tarapyndan NASA-nyň guran ilkinji lunohody VIPER-e oturdyljak ýörite çibe ýazylar. VIPER roweriniň kosmosa iberilişi 2024-nji ýylyň 10-njy noýabryna meýilleşdirilýär. Enjamyň esasy wezipesi Aý topragyny düzümindäki suw buzunyň mukdaryny kesgitlemek maksady bilen öwrenmek bolar. VIPER Ýeriň hemrasynyň günorta polýusynyň golaýyndaky 73 kilometrlik Nobile krateriniň günbatar çetinde gonmaly.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir