«Lexus» Ýaponiýada geçirilen sergide «RZ 450e» elektrik krossoweriniň sport görnüşini tanyşdyrdy. «F Sport Performance» atly awtoulagy satyn almak hukugy bije çekişlik arkaly kesgitlener; täze ulagyň bary-ýogy 100 nusgasy çykarylar. Bije çekişlige gatnaşmak üçin ýüztutmalar «Lexus» kompaniýasynyň Ýaponiýanyň hemme ýerinde ýerleşýän dilerlerinde kabul ediler. Awtoulag bir ýyl öň görkezilen konsept ulagyň önümçilik görnüşidir. Ol elektrik awtoulagynyň asyl nusgasyndan özboluşly karbon kapoty, tekerleriň aerodinamiki elementleri bolan arka bezegleri, şeýle hem 21 dýuýmlyk teker diskleri bilen tapawutlanýar. «RZ 450e F Sport Performance» ulagynyň salony gök reňkli kontrast tikin zolaklary bilen zamşa materialyndan taýýarlanypdyr. Awtoulagyň hereketlendirijisi krossoweriň adaty nusgasyndaky bilen deňdir: ony iki sany elektrik motory herekete getirýär. Öňdäki okda kuwwaty 204 at güýji bolan hereketlendiriji, yzky okda bolsa kuwwaty 109 at güýji bolan hereketlendiriji ýerleşdirilipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir