Italiýaly Emma Massenga W90 ýaş kategoriýasynda 200 metr aralyga ylgamakda taryhy rekordy täzeledi. Paduýada geçirilen ýaryşda çykyş eden türgen 1933-nji ýylda doguldy diýip, Weneto welaýatynyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berýär. Muny rsport.ria.ru ýetirýär. Massenga bu aralygy 54,47 sekuntda geçdi. 1:00.72 bolan öňki rekord 13 ýyl mundan ozal kanadaly ýeňil atletikaçy Olga Kotelko tarapyndan goýlupdy. Oňa ýaşuly adamlaryň arasynda birnäçe rekord degişlidi. “Eger Emmanyň şikes sebäpli 4 aýlyk arakesmeden soň ylgaw türgenleşiklerine tas bir aý mundan öň başlandygyny göz öňünde tutsaň, bu örän gowy netije. Çydamlylygyň we tutanýerliligiň ajaýyp mysaly” – diýlip, sport federasiýasynyň habarynda aýdylýar. Ylgawçynyň aýtmagyna görä, tötänleýin ýagdaý ony öýde oturmaga mejbur etdi, ýöne ol zibil taşlamaga çykanyndan soň sport bilen ýene-de meşgullanyp başlamak kararyna geldi. Rekord eýesi liftsiz öýüň dördünji gatynda ýaşaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir