Agyr agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony fransiýaly Frensis Ngannu bilen boks boýunça öňki dünýä çempiony britaniýaly agyr agramly söweşiji Entoni Joşuanyň arasyndaky söweş 8-nji martda Er-Riýadda geçiriler. Bu barada X sosial ulgamyndaky DAZN Boxing sahypasynda habar berilýär. Boks agşamynyň senesi duşenbe güni bu söweşe bagyşlanylyp geçirilen metbugat maslahatynda yglan edildi. 34 ýaşly Joşuanyň hasabynda 27 ýeňiş (24-üsi nokaut bilen) bilen üç ýeňliş bar. Ol Halkara boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks guramasynyň (IBO) çempion guşaklaryna eýeçilik etdi. Ngannu 37 ýaşynda, ol MMA-da 17 ýeňiş gazandy, üç gezek ýeňildi. Ol täze şertnama bilen bagly düşünişmezlikler sebäpli çempion statusynda UFC-ni terk etdi. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Ngannu britaniýaly Taýson Fýuri bilen 10 raundlyk söweş geçirdi we ol emin agzalarynyň tapawutly karary bilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) garaýşy boýunça häzirki dünýä çempionynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir