Tesla 2010-njy ýylda kompaniýa IPO (birža çykaly bäri) çykaly bäri iň uly çökgünlige duçar boldy. 2024-nji ýylyň başyndan bäri 94 milliard dollardan gowrak bazar bahasyny ýitirdi diýip, Bloomberg-e salgylanýan , IXBT.com habar berýär. Paýlaryň pese düşmegi Hertz Global Holdings Inc. kompaniýasynyň Tesla elektrik ulaglaryndan ýüz öwürmegi bilen baglanyşykly. Mundan başga-da, Hytaýda öndürilen elektrik ulaglarynyň bahasynyň arzanlamagy güýçli bäsdeşlik sebäpli pudakda “aşak gaçmak” gorkusyny diňe güýçlendirýär. Bu habar, esasanam, ABŞ-da elektrik ulaglaryna bolan islegiň haýallamagy bilen ýüze çykdy. Maýa goýujylar Teslanyň ösüşinde durgunlaşmagy bilen bagly alada alýarlar. Göterim nukdaýnazaryndan kompaniýanyň paýnamalary ýanwar aýynyň başyndan bäri 12% aşaklady, bu 2016-njy ýyldan bäri iň erbet görkeziji boldy. 2023-nji ýylyň başyndan bäri Teslanyň bahalarynyň beter arzanlamagy girdejiniň yzygiderli azalmagyna sebäp boldy, bu bolsa ýagdaýy hasam erbetleşdirýär. Tesla -nyň jemi girdejisi üçünji çärýekde 27,9 göterimden 16,3 göterime çenli azaldy. ABŞ-ly önümçilik işgärleriniň aýlyk hakynyň ýokarlanmagy öndürijini hasam kyn güne goýýar. Bazar bahasynyň peselmegine we kynçylyklara garamazdan, Tesla benzinli elektrik ulaglaryndan elektrikli ulaglara global geçişde möhüm rol oýnamagyny dowam etdirýär. Bu kompaniýanyň potensial bäsdeşlerinden öňe geçýändigi bilen baglanyşykly. Dördünji çärýekde Hytaýyň BYD-synyň satuw mukdary boýunça Tesla-dan öňe geçendigi owal habar berlipdi, ýöne BYD girdeji we düşewünt taýdan henizem yzda durýar. Mundan başga-da, BYD öz ulaglaryny ABŞ-da satmaýar, ol ýerde Tesla liderligini saklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir