Dünýäniň öňki birinji raketkasy ispaniýaly Rafael Nadal Saud Arabystanynyň Tennis federasiýasynyň ilçisi boldy. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Türgen ýurtda tennisi ösdürmäge kömek eder. Şeýle-de, Saud Arabystanynda Nadalyň akademiýasyny döretmek meýilleşdirilýär. “Siz Saud Arabystanynda haýsy tarapa seretseňiz hem, ösüş we öňegidişlik görersiňiz we men bu prosese gatnaşýandygym üçin şat. Men tennis oýnamagy dowam etdirýärin, sebäbi bu oýny halaýaryn. Ýöne oýundan ýaşary, men bütin dünýäde sportuň bu görnüşine ösmäge kömek etmek isleýärin, Saud Arabystanynda bolsa hakyky potensial bar. Şu gün şu ýere jemlenen çagalar geljege seredip, sportuň ähli görnüşlerine hakyky hyjuw bilen garaýarlar. Eger men olara ellerine raketka almaga ýa-da özlerini forma getirip, sagdyn durmuş ýörelgesinden lezzet almaga kömek edip bilsem, men ýagdaýy üýtgedip bilendigime begenerin” – diýip, Nadal aýtdy. Ispaniýaly 37 ýaşynda, ol Uly tuwulga ýaryşlarynyň 22 gezek ýeňijisidir, rekord 14 gezek “Rolan Garrosda” ýeňiji boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir