17-nji ýanwarda Ýewropa Komissiýaysnyň wise-prezidenti Margaritis Shinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Merkezi Aziýa döwletlerine resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistana geler. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky wekilihanasy habar berýär. Bu sapar “Ýewropa-Merkezi Aziýa” maýadalaryň forumynyň öňüsyrasynda amala aşyrylýar we Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa sebitiniň hyzmatdaşlygynyň ösýändiginiň alamaty bolup durýar. Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Shinasyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşar. "Men Merkezi Aziýanyň 5 ýurduna saparyma başlaýaryn. Bu sapar şu ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Brýusselde geçiriljek “Ýewropa-Merkezi Aziýa” maýadarlar forumynyň öňüsyrasynda geçirilýär we ÝB bilen sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösýändigini görkezýär" – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti özüniň jemgyýetçilik torunda habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir