Italiýanyň “Romasy” toparyň baş tälimçisi Žoze Mourinýonyň işden çykarylandygyny mälim etdi. Bu barada klub öz resmi saýtynda habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär. “Bizde onuň “Romada” bolan wagty barada gowy ýatlamalar bolar, ýöne biz gyssagly üýtgeşmeler klubuň bähbidine bolar diýip hasaplaýarys. Biz Žoze we onuň kömekçilerine geljekki işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris” – diýlip, saýtda aýdylýar. Portugaliýaly hünärmen bilen birlikde klubdan onuň tälimçiler ştaby hem gitdi. Mourinýo “Romada” 2021-nji ýylyň maý aýyndan bäri işledi. Ol topary 2021/22-möwsüminde Konferensiýalar ligasynda ýeňşe getirdi. Geçen möwsümde “Roma” Ýewropa ligasynyň finalçysy boldy. Italiýanyň çempionatynyň 20 tapgyryndan soň “Roma” 29 utuk bilen ýaryş jedwelinde dokuzynjy orny eýeleýär. Öňdebaryjy Milanyň “Interidir” (51 utuk). Mourinýo Londonyň “Çelsi” toparynda, “Interde”, “Realda”, “Mançester Ýunaýtedde” we “Tottenhemde” işledi. “Çelsi” bilen üç gezek Angliýanyň çempiony, “Inter” bilen iki gezek Italiýanyň çempiony boldy, “Real” bilen bir gezek La Ligada ýeňiş gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir