«San-Paulu» futbol topary «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda baş tälimçi Doriwal Žunioryň Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmek üçin öz wezipesinden aýrylandygyny habar berdi. Braziliýanyň milli ýygyndysy Katarda geçirilen dünýä çempionatyndaky çykyşlary tamamlanandan soň tälimçisiz galdy. Şonda braziliýalylar çärýek finalda Horwatiýadan penalti ugrulary tapgyrynda ýeňilipdiler. «Selesao» ýolbaşçylyk eden Tite dünýä çempionaty başlamazdan ozal ýaryş tamamlanandan soň wezipesini boşadyp, tälimçilik karýerasyny bes etmek isleýändigini mälim etdi. 2023-nji ýylyň tomsundan bäri milli ýygyndynyň baş tälimçisiniň wezipesini Fernando Diniz ýerine ýetirdi, onuň wezipesinden boşadylýandygy ýanwar aýynyň başynda Braziliýanyň metbugaty tarapyndan habar berildi. Bu wezipä dalaşgärleriň biri hem «Real Madridiň» tälimçisi Karlo Ançelotti bolup, ýakynda ol şa topary bilen şertnamasyny 2026-njy ýyla çenli uzaltdy. «San-Paulu» futbol topary Braziliýa milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmek üçin wezipesinden boşadylmagyny haýyş eden tälimçi Doriwal Žunioryň işinden aýrylandygyny habar berdi» diýip, Braziliýanyň toparynyň metbugat gullugynyň beýanatynda bellenilýär. Tälimçiniň özi bu wezipä bellenilmegini arzuwynyň hasyl bolmagy diýip atlandyrdy, bu onuň «San-Pauluda» ýerine ýetiren işleri üçin ykrar edilendigi sebäpli mümkin boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir