Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Kriştianu Ronaldu meşhur Diýego Maradonanyň adyny göterýän baýraga mynasyp boldy. Hüjümçi 2023-nji senenama ýylynyň iň köp gol salan futbolçysy hökmünde bu baýragy alar. 38 ýaşly portugaliýaly jemi 54 pökgi geçirdi. Ondan soňky orunda hersi 52 pökgi bilen «PSŽ-niň» hüjümçisi Kilian Mbappe we «Bawariýanyň» hüjümçisi Harri Keýn ýerleşýär. Ronaldu bu baýragy 19-njy ýanwarda Dubaýda geçiriljek «Globe Soccer Awards» dabarasynda alar. Ronaldo «Altyn pökginiň» bäş gezek eýesi boldy. Ol karýerasynda «Real Madridde» oýnap, toparyň taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy, şeýle hem «Mançester Ýunaýted», Turiniň «Ýuwentus» we Lissabonyň «Sporting» toparlarynda çykyş etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir