Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) amerikan söweşijisi Horhe Maswidal karýerasyna täzeden başlajakdygyny habar berdi. 2023-nji ýylyň aprelinde Maswidal yzly-yzyna dördünji gezek ýeňilenden soň karýerasyny tamamlady. Maýamide geçirilen «UFC 287» çempionatynda ol eminleriň biragyzdan karary bilen braziliýaly Gilbert Bernsden ýeňildi. Maswidal «Х» sosial ulgamynda: «Gaýdyp gelýän» diýen ýazgyny paýlaşdy. Maswidal 39 ýaşynda, ol UFC-niň ýarym agyr agram derejesinde çempionlyk ugrunda iki gezek söweşip, iki gezek hem asly nigeriýaly amerikaly söweşiji Kamaru Usmandan ýeňildi. Ol watandaşy Ben Askren bilen söweşde çempionatyň taryhyndaky iň çalt nokauty (5 sekunt) amala aşyrdy. Maswidal garyşyk söweş sungatynda 35 ýeňiş gazandy we 17 gezek ýeňildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir