Madridiň “Realynyň” angliýaly ýarym goragçysy Jud Bellingem Futbolda sport gözlegleriniň halkara merkeziniň (CIES Football Observatory) garaýşy boýunça iň gymmat futbolçylaryň reýtinginde birinji orny eýeledi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Patyşalyk klubunyň futbolçysynyň bahasy 267,5 mln ýewro barabar diýip, championat.com habar berýär. Ikinji orunda “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand ýerleşdi. Norwegiýaly oýunçynyň bahasy 251,2 mln ýewro. Üçünji orny “Realyň” oýunçysy Winisius Žunior eýeledi (250,3 mln ýewro). Dördünji orunda madridlileriň ýene bir oýunçysy Rodrigo Goes ýerleşýär (247,9 mln ýewro). Iň gymmat futbolçylaryň bäşligini 223 mln ýewro bilen Londonyň “Arsenalynyň” oýunçysy Bukaýo Saka jemledi. Ýatlap geçsek, Bellingem geçen tomus Dortmundyň “Borussiýasyndan” “Reala” 103 mln ýewro geçdi. Şu möwsümde ýarym goragçy topar üçin ähli ýaryşlarda 22 oýna gatnaşyp, 17 gol we bäş netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Oýunçynyň klub bilen şertnamasy 2029-njy ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli hereket edýär. Transfermarkt internet portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň çak edilýän bahasy 180 mln ýewro deň.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir