Angliýanyň Kubogynyň çäklerinde «Brentford» – «Wulwerhempton» toparlarynyň arasynda 1/32 final duşuşygynyň baş emini Toni Harrington tegelek gyzyl kart görkezdi. Duşuşygyň dokuzynjy minutynda «möjekleriň» portugaliýaly ýarymgoragçysy Žoao Gomes meýdançadan çykaryldy. Azlykda oýnamak «möjekleriň» 1:1 hasabynda deňme-deň oýnamagyna päsgel bermedi. Bu gapma-garşylygyň ýeňijisi jogap duşuşygynda kesgitlener. Adaty bolmadyk kartyň ulanylmagynyň esasy sebäbi – käbir futbolçylaryň reňkleri saýgarmakda kynçylyk çekmegidir. Şeýlelik bilen, oýunçy reňkleri tapawutlandyrmakda kynçylyk çekse-de, gönüburçly kartyň sary we tegelek kartyň gyzyl reňkdigine aç-açan düşünýär. Kartlaryň dürli şekilde bolmagy eminlere jübüsinde dogry duýduryşy tapmagy aňsatlaşdyrýar. Bu waka ilkinji gezek däldir. 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda hem «Rekshem» bilen «Şeffild Ýunaýted» toparlarynyň arasyndaky Angliýanyň Kubogynyň duşuşygynda tegelek gyzyl kart ulanyldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir