Aktrisa Emma Stoun «Kruella» filminiň dowamynyň üstünde işlenilýändigini mälim etdi. Bu barada gazeta.ru «Daily Mail» neşirine salgylanyp habar berýär. Stoun taslamanyň haçan surata düşürilip başlanjakdygyny bilmeýändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, ol filmiň üstünde mümkin boldugyça ir işe başlanar diýip umyt edýändigini belledi. Ol Kruellanyň keşbine ýokary baha berdi. «Bu örän täsin. Ol (Kruella) duranja bomba. Hawa, göreris. «Hemme zat heniz başlangyç tapgyrda» diýip, ýyldyz gürrüň berdi. «Kruella» filminiň birinji bölümi 2021-nji ýylda çykdy. Filmiň režissýory Kreýg Gillespi. Film Dodi Smitiň «101 sany dalmatin iti» romanynyň filme geçirilen nusgasydyr we eseriň baş zalym gahrymany Kruella De Wiliň kemala gelşi barada gürrüň berýär. Baş keşpleri Emma Stoun we Emma Tompson ýerine ýetirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir