ABŞ-nyň ýaşlar ýygyndysynyň hokkeýçileri 20 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda dünýä çempionatynyň finalynda şwesiýaly garşydaşlaryny ýeňdiler. Geteborg şäherinde geçirilen duşuşyk 6:2 (1:0, 2:2, 3:0) hasabynda amerikalylaryň peýdasyna tamamlandy. ABŞ-nyň milli ýygyndysy taryhynda altynjy gezek ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda ýeňiji boldy, ol soňky gezek bu derejä 2021-nji ýylda eýe bolupdy. Kanadanyň milli ýygyndysy iň köp ýeňiş gazanan topar bolmagynda galýar – ol jemi 20 gezek, şol sanda yzly-yzyna soňky iki çempionatda-da ýeňiji boldy. Emma olar bu gezek ýeňijileriň arasyna düşüp bilmedi. Çehiýanyň milli ýygyndysy üçünji orun ugrundaky duşuşykda Finlýandiýany 8:5 (1:2, 2:3, 5:0) hasabynda ýeňip, bürünç medala mynasyp boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir