8-nji ýanwarda Ispaniýanyň Kubogynyň 1/16 finalynyň duşuşygy geçirildi. Onda «Barbastro» bilen «Barselona» duşuşdy. Toparlar Ispaniýanyň Barbastro şäherindäki «Munisipal de Barbastro» stadionynda oýnadylar. Duşuşyk katalonlylaryň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, Kataloniýanyň topary 20 oýun bäri birden köp gol tapawudy bilen ýeňiş gazanyp bilmeýär. Bu Barselonanyň taryhynda ilkinji gezek bolup geçýär. Birden artyk gol tapawudy bilen soňky ýeňiş 19-njy sentýabrda Çempionlar ligasynda «Antwerpen» toparyna garşy duşuşykda (5:0) gazanyldy. Häzirki wagtda Ispaniýanyň Kubogynyň 1/8 finalyna Madridiň «Atletiko» topary, «Hetafe», «Žirona», «Raýo Walýekano», «Real Madrid», «Malorka», «Selta», «Sewilýa», «Osasuna» «Atletik» we «Walensiýa» toparlary çykdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir