Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Futzal bölümi şu ýyl toparlaryň täze möwsümie taýýarlygyny gözden geçirmek üçin ilki federasiýanyň kubogy ugrunda ýaryş geçirmekçi. Bu barada bölümiň başlygy Annanur Gulow «Türkmen sporty» gazetine beren interwýusynda aýtdy. Onuň gürrüň bermegine görä, ýurtda futzal möwsümi geçen ýylyň çempiony «Deňizçi» bilen «Gara altynyň» arasynda geçiriljek Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk bilen başlanar. Şondan soň bolsa toparlaryň möwsüme taýýarlygyny kesgitleýän Federasiýanyň kubogy ugrunda ýaryş geçiriler. Bu ýaryşa ýurduň iň güýçli futzal toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir