2026-njy ýylyň 18 ― 24-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde Paraaziýa oýunlary geçiriler. Ýaryşyň guramaçylyk topary ýakynda onuň resmi nyşanyny we şygaryny tassyklady. Oýunlaryň şygary «Bir ýürege derman boluň!» diýlen jümle bolar. Paraaziýa oýunlarynyň resmi nyşanyny bolsa habarymyz bilen ugurdaş ýerleşdirilen suratda görýärsiňiz. 2026-njy ýyldaky Paraaziýa oýunlaryna yklymyň 45 döwletinden 4 müňe ýakyn türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşlar sportuň 18 görnüşi boýunça geçiriler. Munuň özi Paraolimpiýa oýunlaryndan soň iň uly para sport baýramçylygy bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir