Ýakynda Senegalyň Bambali obasynda täze stadion açyldy. Ol «Al-Nassryň» hüjümçisi Sadio Maneniň serişdeleriniň hasabyna guruldy. Täze stadionyň açylyş dabarasyna hüjümçiniň hut özi gatnaşdy. Sadio mundan ozal dogduk obasynda hassahana bilen mekdep hem gurdurypdy. Mane 13-nji ýanwarda Kot-d’Iwuarda başlanjak Afrika kubogyna gatnaşmak üçin şu günler milli ýygyndynyň hatarynda türgenleşýär. Ol Senegalyň ýygyndysynda jemi 100 duşuşyk geçirdi. Dünýä belli ýyldyz bu duşuşyklarda 39 gezek tapawutlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir