ABŞ-da kino we telewideniýe hünärmenleriniň geçen 2023-nji ýylda gazanan ýokary netijeleri mynasybetli gowşurylýan «Altyn globus» baýragynyň 81-nji gezekki gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada TASS habarlar agentligi habar berýär. Baýraklar nominasiýalar boýunça aşakdaky ýaly görnüşde paýlanyldy: Iň gowy režissýor Kristofer Nolan («Oppengeýmer») Iň gowy ssenariý «Synmagyň anatomiýasy» (Jýustin Triýe, Artur Arari) Iň gowy drama filmi «Oppengeýmer» Iň gowy mýuzikl ýa-da komediýa «Garyplar-betbagtlar» Iň gowy drama serialy «Mirasdüşerler» Iň gowy komediýa serialy ýa-da mýuzikli «Aýy» Iň oňat miniserial ýa-da telefilm «Haýwan darkaşy» Daşary ýurt dilindäki iň gowy film «Synmagyň anatomiýasy» Drama filminde iň gowy zenan we erkek keşbi Lili Gladstoun («Dolan aýa kast edijiler») Killian Mörfi («Oppengeýmer») Dramada ikinji plandaky iň gowy aktrisa we aktýor Dawaýn Joý Rendolf («Galdyrylanlar») Robert Dawni Jr. («Oppengeýmer») Komediýada ýa-da mýuziklde iň gowy zenan we erkek keşbi Pol Jamatti («Galdyrylanlar») Emma Stown («Garyplar-betbagtlar») Drama serialyndaky iň gowy aktrisa we aktýor Sara Snuk («Mirasdüşerler») Kiran Kalkin («Mirasdüşerler») Komediýa ýa-da sazly serialda iň gowy aktrisa ýa-da aktýor Aýo Edebiri («Aýy») Jeremi Allen Waýt («Aýy») Gysga göwrümli serialda iň gowy aktrisa we aktýor Stiwen Ýan («Haýwan darkaşy») Ali Wong («Haýwan darkaşy») Gysga göwrümli serialda ikinji plandaky iň gowy aktýor ýa-da aktrisa Metýu Makfedýen («Mirasdüşerler») Elizabet Debiki («Täç») Iň gowy multfilm «Oglanjyk we guş» (Haýao Miýazaki) Iň gowy aýdym What Was I Made For? («Barbie») Iň gowy kinematografiki/prokat üstünligi

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir