Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar. Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri we beýlekiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekillerine bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid ýerlenildi. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah mata we nah ýüplük, jins matalary ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 51 million 329 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýerli işewürler içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, nebit ýol bitumyny, el halylaryny, nah ýüplügi, ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 756 müň manatdan gowrak boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir