Dünýä meşhur serkerde Aleksandr Makedonlynyň köşgi 16 ýyllap bölekleýin abatlandy, munuň üçin 20 million ýewro sarp edildi diýip, BBC habarlar gullugyna salgylanýan «Informburo.kz» ýazýar. Köşk nusgawy antik döwrüň iň gymmatly ýadygärlikleriniň biri hasaplanýar. Saloniki port şäheriniň golaýynda ýerleşýän köşgi 2300 ýyl mundan öň gurupdyrlar. Soňra ony rimliler ýykýarlar, köşgüň galyndylarynyň XIX asyrda başlanan gazuw-agtaryşlar wagty üsti açylýar. Köşk 15 müň inedördül metri tutup, onuň çäginde nahar berilýän zallar, taňrylara çokunylýan ýerlerdir içki howlular bolupdyr. «Şeýle ýadygärlikler tutuş adamzadyň gymmatlygydyr» diýip, Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Misotakis köşgüň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir