Fransiýanyň PSŽ klubynyň hüjümçisi Kilian Mbappe şu möwsümden soň Madridiň «Realyna» goşular. Bu barada Foot Mercato neşiri habar berýär. 23 ýaşly hüjümçi şu ýylyň tomsunda Pariž şäheriniň kluby bilen hoşlaşar. Şeýlelikde, ol 1-nji ýanwardan başlap, başga klublar bilen gepleşikleri geçirmek hukugyna eýe boldy. Öňräk metbugat sahypalarynda «Realyň» Mbappeden ýanwar aýynyň ahyryna çenli kesgitli karara gelmegini sorandygy habar berlipdi. Hüjümçi belli bir netijä gelip, futbol ýoluny «Korollyk klubynda» dowam etdirmek niýetine geldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir